Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Eýran sanksiýalary babatda henizem iki göwünli


Hytaý Eýranyň ýadro programmasy baradaky gepleşikleri dikeltmek ugrunda tagalla etmäge çagyrýar.

Bu gepleşikler ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klintonyň BMG-niň täze sanksiýalar toplumy baradaky tagallalary netijesinde togtapdy.

Hytaýyň Londondaky Owganystan konferensiýasyna gelen daşary işler ministri Ýaň Jiçi Eýranyň ýadro programmasy baradaky mesele diňe diplomatiýa arkaly çözülmeli diýýär.

Ol bu sözleri Eýrana täze sanksiýa girizmek barada BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň beýleki agzalarynyň razylygyny almak ugrunda tagalla edýän Klinton bilen duşuşygyndan soň aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň dowlet sekretary öz gezeginde Eýranyň öz ýadro programmasy babatda halkara jemgyýetçiligi bilen ylalaşyga gelmek barada tagalla etmeýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG