Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Morningstar Ýewraziýa strategiýasyny beýan etdi


Riçard Morningstar Pragada geçirilen "Günorta Koridor - Täze Ýüpek ýoly sammitinde", 8-nji maý, 2009-njy ýyl.
Riçard Morningstar Pragada geçirilen "Günorta Koridor - Täze Ýüpek ýoly sammitinde", 8-nji maý, 2009-njy ýyl.

Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň Ýewraziýa energiýa meseleleri boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar penşenbe güni «Amerikan Progress» atly syýasy barlaglar merkezinde eden çykyşynda Ýewraziýa energiýa syýasaty babatynda amerikan hökümetiniň esasan üç sany möhüm maksatlara eýerýändigini belledi.

Onuň sözlerine görä, amerikan hökümetiniň ilkinji maksady Ýewraziýa regionynda nebit-gaz önümçiligini ösdürmek we şol bir wagtyň özünde-de alternatiw tehnologiýalaryň ulanylmagyna hem-de ähli energiýa resurslaryndan tygşytly peýdalanylmagyna ýardam bermek.

Riçard Morningstaryň aýtmagyna görä, Barak Obamanyň hökümetiniň bu region bilen baglanyşykly ikinji bir maksady Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyna eýe bolmak maksatlaryny goldamak.

Riçard Morningstar Ýewropa Bileleşiginiň haýsydyr bir ýeke-täk energiýa çeşmesine bil baglamagynyň amatsyz ýagdaýdygyny belläp, bu babatda geçen ýyl Orsýet bilen Ukrainanyň arasynda dörän konfliktleriň beren netijelerini ýatlady: «Bolgariýa bilen Serbiýanyň ilatynyň sowukdan kösenmeklerine sebäp bolan şol wakany muňa mysal getirip bolar. Şeýlelikde biziň maksadymyz Ýewropanyň bazarlaryna köp ugurlar boýunça çykýan energiýa çeşmeleriniň köpçüligini döretmekde Ýewropany goldamak. Bu ädimler özara bäsleşigiň, effektiw bazaralaryň we alyjylar üçin amatly bahalaryň hem döremegine ýardam edýär».

Riçard Morningstar Ýewraziýa regiony bilen baglanyşykly Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň üçünji bir maksadynyň Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlaryna olaryň nebit we gaz eksportlary üçin täze ýollary tapmaklyga kömek etmekden ybaratdygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu maksat Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu regionyň ykdysadyýetini we abadançylygyny ýokarlandyrmak baradaky beýleki bir has uly maksat bilen hem baglanyşyklydyr.

Wezipesiniň esasy maksady

Ýatladyp geçsek, Riçard Morningstar Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň Ýewraziýa energiýa meseleleri boýunça ýörite wekili hökmünde Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton tarapyndan bu wezipä 2009-njy ýylda bellenilipdi.

Riçard Morningstar özüniň bu wezipesinde Hillary Klintonyň Ýewraziýanyň energiýa önümçiligini ýokarlandyrmaklyga, onuň energiýa resurslaryny tranzit etmeklige we ýaýratmaklyga degişli syýasy meseleler boýunça maslahatçysy hem bolup durýar. Onuň bu wezipesiniň esasy maksady bolsa Birleşen Ştatlaryň Ýewropa, Orsýet, Ukraina, Türkiýe, Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça energiýa syýasatyna ýardam bermekden ybarat.

Penşenbe güni «Amerikan Progress» atly syýasy barlaglar merkezinde eden çykyşynda Riçard Morningstar Hazar regionynyň gazyny Ýewropa ýetirmekligi göz öňünde tutýan «Günorta koridor» gaz proýektiniň potensial roluna Birleşen Ştatlaryň örän uly ähmiýet berýändigini hem belledi.

Ol bu meselede Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň energiýa resurslaryna baý Merkezi Aziýa ýurtlaryny we Ýakyn Gündogar ýurtlaryny «Günorta koridor» geçirijisini gaz bilen üpjün etmeklige çagyrýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol Azerbaýjandaky Şah Deňiz energiýa ýatagyndan gaz akdyrylmagy babatynda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň özara ylalaşyga gelmeklerine hem Waşingtonyň uly gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG