Sepleriň elýeterliligi

Eýrandaky protesler bilen bagly ýene 16 adama sud prosesi başlady


Eýranda geçirilen hökümete garşy protestler bilen baglanyşykly tussag edilen ýurduň oppozisiýa tarapdarlaryndan 16-syna garşy şu gün sud prosesi başlandy.

Bu tussag edilenlerden bäşisine Alla garşy uruş yglan etmekde günä bildirilýär. Tussaglardan galanlary bolsa, ýurduň milli howpsuzlygyna wehim salyjy jenaýatçylyklary etmekde aýyplanylýarlar.

Bu aýyplanýanlar şu geçen dekabr aýynda Eýranda şaýylaryň Aşura matam gününe gabatlanylyp geçirilen protest çykyşlary wagtynda tussag edilipdiler.
XS
SM
MD
LG