Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý talyp söweşijilerini ýaraglaryny taşlamaklyga çagyrdy


Şu gün Owganystanyň prezidenti Hamyd Karzaý talyp söweşijilerini ýaraglaryny taşlamaklyga hem-de ýurduň kanunçylygyny kabul etmeklige çagyryp, çykyş etdi.

Şu geçen hepde Owganystan meselesine bagyşlanylyp Londonda geçirilen halkara konferensiýasynda prezident Karzaýyň inisiatiwasy bilen dünýä ýurtlarynyň resmileri talyp söweşijilerini parahat durmuşa gaýtaryp getirmek üçin ýörite programmanyň taýýarlanylmagy barada ylalaşyga gelipdiler.

Şu gün bu mesele bilen baglanyşykly Kabulda metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda Hamyd Karzaý özara gepleşik geçirmek baradaky teklipleriň Al-Kaýda topary bilen hyzmatdaşlykdaky adamlara degişli däldigini nygtady.
XS
SM
MD
LG