Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Nýu-Ýorkuň sudy päkistanly Syddykyny günäli tapdy


Nýu-Ýorkuň sudy 2008-nji ýylyň tomsunda Owganystandaky ABŞ-nyň Federal derňew býurosynyň işgärlerini we harbylaryny öldürmäge synanyşykda 37 ýaşly Päkistanyň raýaty Afiýa Syddykyny günäli hasap etdi.

Şol wagt Syddyky “Al-Kaýyda” bilen aragatnaşykda güman edilip saklanypdy. Sorag edilýän wagty ol zenan harby gullukçylaryň biriniň ýaragyny kakyp alyp, atyp başlapdy. Amerikalylardan hiç bir ejir çekmedi, ol aýalyň özi ýaradar bolupdy.

Syddyky özüniň günäsizdigini öňe sürýär. Ol gizlin türmelerde saklanandygyny, ol ýerdäki tussaglaryň gynamalara sezewar edilýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG