Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz "GDF Suez" topary türkmen gazyna hyrydar


"Nabukko" turbalarynyň iň soňky barjak stansiýasy "Baunmgarten".
"Nabukko" turbalarynyň iň soňky barjak stansiýasy "Baunmgarten".

Fransiýanyň energiýa we gaz topary “GDF Suez” Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmäge we türkmen gazyny Ýewropa ýetirmäge gyzyklanma bildirýär.

Gaz ýataklaryna baý bolan Türkmenistan ýangyç eksportunyň ýollaryny köpeltmek isleýär. Emma munuň üçin Ýewropa barýan gaz geçirijileri barada ylalaşyk gazanylmaly.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropanyň iň uly gaz alyjysy bolan “GDF Sueziň” prezidenti Žan Fransua Sirelli bilen Pariže sapar edýän wagty duşuşyk geçirdi.

Žan Fransua Sirelli
“Men siziň ýurduňyzda gaz gözleg işlerini alyp barmaga we gaz ýataklaryny özleşdirmäge, şeýle hem ony daşamaga gyzyklanma bildirýärin” diýip, Sirelliniň Berdimuhamedowa aýdanlaryny Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi efire berdi.

“Meniň pikirimçe, Ýewropany gaz bilen üpjün etmek boýunça geljekde Türkmenistan örän möhüm rol oýnap biler” diýip, “GDF Sueziň” prezidenti aýtdy.

Şeýle hem Sirelli Türkmenistany Russiýadan sowa geçýän hem-de Ýewropa tarapyndan goldanylýan “Nabukko” turbalaryna goşulmaga gyssady. Bu proýekt Ýewropanyň gaz bazaryndaky Russiýanyň güýjüni gowşadar.

“ ...Meniň çuňňur ynanjyma görä, geljekde biziň ýurtlarymyz gaz geçirijileri arkaly has hem ýakynlaşar we bu iki ýurt üçin hem bähbitli bolar” diýip, Sirelli aýtdy.

Pariže bolan saparynyň dowamynda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň “GDF Suez”, “TOTAL” we “Technip” kompaniýalaryna Türkmenistanyň nebit we gaz proýektlerine gatnaşmagy teklip edipdi.

“Nabukko” we Hazar päsgelçiligi

Ýewropa Merkezi Aziýanyň nebitini we tebigy gazyny Russiýanyň üstünden alýar. Şeýle ýagdaýda ÝB-niň energiýa üpjünçiligi meselesinde Russiýa doly bagly bolup galmagyny Bileleşigiň özünde ýiti ýazgarýarlar.

Şu ýylyň aprel aýynda türkmen gazyny Russiýa akdyrýan turbanyň partlamagy netijesinde, Türkmenistan dekabr aýyna çenli her aý takmynan 1 milliard dollar girdeji ýitirdi.

Geçen ýylyň 10-njy iýulyndaky Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistan “Nabukko” proýektine goşulmaga taýýardygyny yglan etdi.

“Nabukko” proýektiniň geljegi Hazar deňziniň statusynyň kesgitlenmegine bagly bolup dur. Şol ylalaşygyň ýola goýulmagynda Moskwa we Eýran möhüm rol oýnaýar. Bu bolsa, “Nabukko” turbalaryna türkmen gazynyň akdyrylmagyny has hem kynlaşdyrýar.

Emma muňa garamazdan, Ýewropa Komissiýasynyň energiýa boýunça komissarynyň metbugat wekili Ferran Tarradellas Espuny Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, “Transhazar” transport sistemasynyň nähili bolup biljekdigi boýunça ylmy-barlaglary geçirendiklerini we turbalardan başga, suwuklandyrylan ýa-da yokary basyşdaky gazy daşamak üçin gämileri ulanmak mümkinçiliginiň hem bardygyny aýdypdy.

Bakuwdan Ýewropa gaz getirip biljek koridor ýola goýlansoň, ÝB ”Transhazar” geçirijisine çözgüt tapmagyň üstünde işlär diýip, Ýewrokomissiýanyň resmisi mälim etdi. ÝB “Nabukko” turbalaryny Eýranyň üstünden geçirmegi göz öňüne tutmaýar.

Eýranly delegasiýa Aşgabatda boldy

Şeýle hem düýn Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safariniň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşik geçirdi we duşuşykda Hazaryň statusynyň kesgitlenmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda bolan duşuşykda, taraplar kabul ediljek rezolýusiýanyň halkara kanunlaryna we ähli hazarýaka döwletleriniň bähbitlerine esaslanmagyna bagly bolup galjakdyklaryny tassykladylar diýip, türkmen DIM-niň metbugat gullugynyň nygtandygy habar berilýär.

Türkmenistan 2010-njy ýylda öndürýän tebigy gazynyň 30 milliard kubmetre golaýyny Russiýa, 14 millard kubmetre golaýyny Eýrana we 6 milliard kubmetre çenli gazy Hytaýa eksport eder.

Şu ýylyň birinji ýarymynda “Nabukko” proýektiniň paýadary bolan we Hazaryň türkmen ýalpaklarynda gaz gözleg işlerini alyp barýan Germaniýanyň RWE kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasynda gaz eksporty boýunça ylalaşygyň ýola goýulmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG