Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Türkmenfilm» kinostudijasynyň açylan güni


Segsen dört ýyl mundan ozal, 1926-njy ýylyň 7-nji fewralynda Aşgabatda «Türkmenfilm» kinostudiýasy açylypdy.

Kinostudiýa onlarça ýylyň dowamynda ýolbaşçylyk edip, onuň dabarasyny dag aşyran, režissýor hökmünde «Aýgytly ädim», «Mukamyn syry» ýaly ajaýyp filmleri döredip, tutuş Soýuzyňam, ençeme daşary ýurtly tomaşaçylaryňam gyzgyn söýgüsini gazanan, SSSR-in halk artisti, 1941-de hem 1948-de iki gezek Sowet Soýuzynyň Döwlet Baýragyna (onki Stalin Baýragy) mynasyp bolan Alty Garlyýew o mahallar ýaňy on ýedi ýaşyny dolduran ýetginjekdi.

Durmuşyň täsin hem geň tilsimlerine laýyklykda, kä halat sungat zehiniň önünden çyksa, başga bir öwrümde zehin sungatyň maňlaýyndan çykýar. Şeýlelikde, Tejeniň Babadaýhanyndan çykyp (rowaýatmy ýa çynmy, bilemok, ýöne özümiň-ä şoňa ynanasym gelýär), iki ýuz kilometrden gowrak aralygy pyýada geçip, Aşgabada ýeten Alty Garlyýew 1956-da «Türkmenfilm» kinostudiýasyna direktor bellenýär. Şondan soň uly iliň göz-guwanjy hem buýsanjy bolup oturan bu kärhana «Işiň ilerik!» diýlen ýaly bolýar.

Öz howlusynda iki sany kino surata alynýan pawilony bolan kinostudiýa segseninji ýyllarda «az bolsun – uz bolsun» diýlen parasatly jümlä eýerip, her ýylda üç sany çeper filmi, iki telewizion filmi, ýigrimä golaý dokumental lentalary tomaşaça hödürläpdi.

Merkeziň penjesi egnimizden aýrylansoň, sosialistik realizm diýlen höküm ýatyrylansoň, türkmen aýtmyşlaýyn «öz elim, öz ýakam» bolnsoň, milli sungatymyzyň daragtyna indi neneňsi hazan urup ýör?

Hany olar?

Hany bu gün alaşa tirkelen agaç azalyň yzynda «Aýnam!» diýip gygyrýan Baba Annan, hany bu gün Karkaranyň dutaryny saýradyp, Kör Gojalyny toba getiren Liza Garaýewa, hany bu gün Gulam bagşyny ompa oturdyp, ýesirleri dogduk mekana alyp gaýdan Şükür bagşy, hany «Ykbal», «Keç pelek», «Kärizgenler», «Menin dostum – Meleguş», «Aşyr aganyň mekirligi», «Ýandym»?.. Hany!

«Akylly eşigini çykarýança, samsyk derýadan geçer» diýlişi ýaly, ömrüniň on dokuz ýylyny Staliniň lagerlerinde çüýreden Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romany esasynda özbekler köp seriýaly film döredip, esli wagt bäri ilatynyň alkyşyny alyp otyr.

Sözümiziň ahyrynda köre hasa bir hakykaty ýatlasymyz geldi: Edebiýatdyr sungat ussady halkyň göwnünden tursa, ony hökümet halamaz eken. Hökümetiň gözüne gowy görünýän körzehin senetkäri bolsa millet ýigrener eken. Önem birinin jaýdar belleýşi jaly, bir söz-ä az, iki sözem köp, söz ýarymam ýok.




Alty Garlyýewiň režissýorlyk eden “Aýgytly ädim” filminden pursat.
XS
SM
MD
LG