Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nelson Mandelanyň azatlyga çykarylmagynyň 20 ýyllygy bellenilýär


Şu gün Günorta Afrika respublikasynda ýurduň milli gahrymany Nelson Mandelanyň türmeden azatlyga çykarylmagynyň 20 ýyllygy bellenilýär.

Ol apartaid režimine garşy eden çykyşlary üçin tussag edilip, ömrüniň 28 ýylyny türmede geçiripdi.

Türmeden boşadylanyna dört ýyl geçenden soň Nelson Mandela Günorta Afrika respublikasynyň ilkinji garaýagyz prezidenti boldy.

Häzir 91 ýaşan Nelson Mandela Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň hem eýesi.

Şu gün giçlik Mandelanyň ýurduň parlamentinde çykyş etmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG