Sepleriň elýeterliligi

Orsýetdäki geýleriň we lezbianlaryň guramalary Ýewropa suduna ýüz tutdular


Düýn Orsýetdäki geýleriň we lezbianlaryň guramalary Moskwanyň şäher administrasiýasynyň özlerine bu şäherde parad geçirmäge rugsat bermeýändiginden şikaýat edip, Ynsan hukuklary boýunça Ýewropa suduna ýüz tutdular.

Orsýetdäki gomoseksualistleriň guramalary Moskwanyň şäher administrasiýasynyň şeýle paradlary we ýygnanyşyklary gadagan etmek bilen, özleriniň graždanlyk hukuklaryny bozýandygyny aýdýarlar.

2006, 2007 we 2008-nji ýyllarda-da Moskwada şeýle paradlaryň geçirilmegine rugsat berilmändigi üçin, orsýetli gomoseksualistler Strasburgdaky Ýewropa suduna şikaýat edipdiler. Bu şikaýatlara sud indi garamaly.
XS
SM
MD
LG