Sepleriň elýeterliligi

ABŞ we ÝB Ýanukowiçi ýeňşi bilen gutladylar


Düýn Birleşen Ştatlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Wiktor Ýanukowiçi Ukrainada geçirilen prezidentlik saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutladylar.

Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Wan Rompuý Ýanukowiçe ýazan resmi hatynda bu saýlawlaryň, umumy alnanda, halkara standartlaryna laýyk ýagdaýda geçirilendigini belläpdir.

Ukrainada 7-nji fewralda geçirilen bu prezidentlik saýlawlarynda Wiktor Ýanukowiç öz garşydaşy Ýuliýa Timoşenkodan 3.5 prosent töweregi artykmaç ses alypdy. Ýöne şu günki güne çeli Ýuliýa Timoşenko öz ýeňlişini boýun alyp çykyş etmedi.
XS
SM
MD
LG