Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalistleri goramak babatda BMG-ä ýüz tutuldy


"Žurnalistleri goramak baradaky" komitet 2009-njy ýylyň žurnalistler üçin iň ölüm-ýitimli ýyl bolandygyny aýdýar. Şol bir wagtyň özünde-de geçen ýyl žurnalistleriň iň köp tutulan ýyly bolupdyr.

Nýu-Ýorkda ýerleşýän ”Žurnalistleri goramak baradaky” komitet bu baradaky maglumatlary Birleşen Milletler Guramasyna hödürledi we BMG-niň baş sekretaty Ban Ki Mundan söz azatlygyny goramagyny sorady.

Komitetiň ýyllyk raportynda aýdylyşyna görä, häzir žurnalistlere hemmeden köp zulum edýän Eýran. Ol ýerde öten ýyl tutulan žurnalistleriň sany 90-dan geçýär. Olaryň iň azyndan 47-si häzirem türmede.

“Newsweek” žurnalynyň habarçysy Maziýar Bahari öten iýunda geçen jedelli prezidentlik saýlawy sebäpli turan protestlerden soň tutulyp, dört aý türmede saklanyldy. Ol žurnalistlere azar bermek üçin Eýran häkimiýetleriniň indi täze taktikany ulanýandygyny aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, bu işlerden maksat Eýran raýatlarynyň daşary ýurt mediasyna işlemegini jenaýat işine öwürmek.

“Bu kanun entek parlamentden geçmedik hem bolsa, ”Rewolýusiýanyň sakçylary” Eýrandan daşarda iş alyp barýan pars dilli media işlemäge özleriniň jenaýat işi diýip garaýandyklaryny aýdýarlar. Şeýlelikde BBC we ”Amerikanyň sesi” radiosynyň parsça gepleşiklerine ýa Farda Radiosyna işleýänleriň hemmesini içalylykda aýyplap, suda çekip bolýar. Meni soraga çekeniň aýdyşy ýaly, içalylygyň jezasynyň nämedigini biziň hemmämiz bilýäris. Ol ölüm jezasy” diýip, Bahari aýtdy.

Halkyň habarly bolmagy peýdaly

”Žurnalistleri goramak komitetiniň” direktorynyň orunbasary Robert Mahoneý: “Maglumatlar elhenç bolsa-da, aktiwistler we Birleşen Milletler Guramasy ýaly edaralaryň yzyny üzmän, hökümetleri söz erkinligini hormatlamaga çagyryp durmagy gowy” diýdi.

“Biz žurnalistleriň tarapyny tutmagyň, halky olaryň häzirki ýaly kyn ýagdaýyndan habarly edip durmagyň, hökümetiň sütemine uçranlardan halkyň habarly bolmagynyň peýdalydygyna berk ynanýarys. Bu iş, mysal üçin, Maziýar Bahariniň işinde peýda berdi. Ol beýleki žurnalistler bilen birlikde türmeden boşadyldy” diýip, Mahoneý belledi.

”Žurnalistleri goramak komiteti” Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn aragatnaşyga ymtylýar. Mahoneýniň aýtmagyna görä, munuň sebäbi bu guramanyň mandatynyň parahatçylygy gorap, adam hukuklaryny ösdürmekdeliginde.

Mahoneý Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-Moonyň söz erkinligini goramakda işjeň rol oýnamagyny umyt edýär: “Men Baş sekretaryň söz erkinligini goramakda tutanýerli, berk durmagyny isleýärin. Söz erkinligi örän möhüm. Ol demokratiýanyň diregi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary hökmünde ol biziň arkamyzda berk dur. Biziň ählimiz hem bu ýerdäkiler, hem-de daşardakylar žurnalistler hökmünde söz erkinligini gaýduwsyz gorarys”.
XS
SM
MD
LG