Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da 2 million iş orny saklandy we döredildi


Amerikan ykdysadyýetini goldamak, höweslendirmek boýunça teklip eden çäreler toplumynyň ýurdy ykdysady krizisiň iň ýaramaz netijelerinden gorap saklandygyny ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama aýdýar.

Düýn Ak tamda çykyş edip, Obama krizise garşy çäreler üçin 787 milliard dollar goýbermek baradaky kanuny Kongresiň kabul eden pursatyndan bäri ýurtda iki million iş ornunyň saklanandygyny we döredilendigini belledi.

Ol üstümizdäki ýylda ýene bir ýarym million amerikalynyň yzygiderli aýlyk bilen üpjün ediljegine ynam bildirdi.

Parlamentde demokratik köplük bolmadyk bolsa, onuň ykdysady kömek baradaky gaty gymmat paketiniň makullanmajakdygyny aýdyp, amerikanlaryň köpüsi Obamanyň administrasiýasyny tankytlaýarlar.
XS
SM
MD
LG