Sepleriň elýeterliligi

Eýranda ors we owgan graždanlaryna günä bildirlip bilner


Geçen hepde Eýranda yslam rewolýusiýasynyň 31 ýyllyk dabarasy bellenen wagty saklanan iki daşary ýurtla - Orsyetiň we Owganystanyň graždanlaryna sud günä bildirip biler.

Orsýetli ýurda bikanun girmekde, owganystanly rugsat berilmedik aksiýany goldamakda güman edilýär - diýip, ISNA agentligi prokuror Abbas Jafari Dolarabada salgylanmak bilen habar berýär.

Prokuroryň sözlerine görä, jemi bäş daşary ýurtly saklanypdyr. Ýene bir orsýetli, şeýle-de fransuz hem ýaponiýaly goýberlipdir.

11-nji martda Eýranda yslam rewolýusiýasynyň güni bellenende polisiýa bilen hökümete garşy çykyşlara gatnaşyjylaryň arasynda täze çyknyşyklar bolupdy.
XS
SM
MD
LG