Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl: Al- Mabhuhyň öldürilmeginde MOSSAD-yň dahyly ýok


Palestinanyň HAMAS radikal toparynyň liderleriniň biri Mahmut Al- Mabhuhyň Dubaýda öldürilmegini Ysraýyl ýolbaşçylary ilkinji gezek kommentirledi.

Düýn Ysraýylyň daşary işler ministri Awigdor Liberman Al-Mabhuhyň ölümine Ysraýylyň MOSSAD razwedka gullugynyň agentleriniň gatnaşygyna hiç hili subutnamanyň ýokdugyny aýtdy.

Mundan öň HAMAS öz aktiwstiniň öldürilmegini gurnamakda Ysraýylyň ýörite gulluklaryny aýyplapdy.

Aktiwist geçen aý Dubaýyň myhmanhanasynda öli tapylypdy.

Başlanan resmi derňewiň çäklerinde 11 daşary ýurtlyny tussag astyna almaga rugsat berildi.

Güman edilýänleriň birnäçesinden tapylan pasportlaryň galpdygyny Britan hem Irlandiýa häkimiýetleri sişenbe güni mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG