Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň raýon polisiýa bölüminiň ozalky başlygy azatlykdan mahrum edildi


Şu gün Moskwanyň şäher sudy Moskwa şäheriniň raýon polisiýa bölüminiň ozalky başlygy Denis Ýewsýukowy iki adamy atyp öldürmekde günäli tapyp, ony ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.

Milisiýanyň ofiseri Denis Ýewsýukow 2009-njy ýylyň 29-njy aprelinde bir taksi sürüjini atyp öldürenden soň, şäheriň söwda merkezine girip, ol ýerde ýene bir adamy atyp öldürdi we ýedi adamy hem ýaralady.

Bu waka Orsýetde milisiýa işgärleriniň eden-etdilikleri bilen baglanyşykly bar bolan gahar-gazaby has-da artdyrypdy.

Düýn Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew milisiýa bölümlerindäki korrupsiýa garşy alnyp barylýan çäreleriň çäklerinde ýurduň içeri işler ministriniň iki orunbasaryny, şeýle hem, ýene 16 sany ýokary wezipeli milisiýa ofiserini wezipesinden boşatdy.

Prezident Medwedew bu maslahatda eden çykyşynda kanunlary bozýan organ işgärlerine berilýän jeza çäreleriniň mundan beýläk has-da güýçlendiriljekdigini we milisiýa bölümlerindäki işgärleriň sanynyň hem görnetin kemeldiljekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG