Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň graždan we harby ýolbaşçylary duşuşdy


Şu gün Türkiýäniň graždan ýolbaşçylary bilen harby ýolbaşçylary döwlet agdarylyşygyna synanyşyk baradaky bildirilýän soňky aýyplamalar bilen bagly ýüze çykan krizisi ara alyp maslahatlaşmak üçin özara maslahata ýygnandylar.

Bu maslahata gatnaşan ýokary derejeli resmileriň hatarynda Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Ärdogan, ýurduň prezidenti Abdylla Gül we ýurduň harby güýçleriniň Baş ştabynyň komanduýuşisi Ilker Basbug dagylar hem boldy.

Soňky birnäçe günüň dowamynda Türkiýede 2003-nji ýylda häkimiýet agdarylyşygyny amala aşyrmak synanyşygynda güman bildirilip, ýokary wezipeli harby ofiserlerden 50 töweregi tussag edildi.

Ýurduň sudy bu harbylardan 20-sine eýýäm resmi jenaýat aýyplamasyny bildirdi. Jenaýat aýyplamasy bildirilenleriň hatarynda 5 sany admiral bilen 3 sany general hem bar.
XS
SM
MD
LG