Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hamasyň resmisi öz oglundan ýüz öwürdi


Düýn Palestinanyň Hamas toparynyň ýokary derejeli resmisi Şeýh Hassan Ýusef öz oglunyň Ysraýylyň razwedka gullugy bilen gizlin hyzmatdaşlyk edendigi üçin, öz oglundan ýüz öwürýändigini yglan etdi.

Geçen hepde Ysraýylyň «Haaretz» atly hepdelik gazeti 32 ýaşly Mosab Ýusefiň Ysraýylyň «Şin bet» atly gizlin gullugy bilen hyzmatdaşlyk saklap gelendigi barada maglumat çap edipdi.

On ýyl mundan ozal hristiançylygy kabul eden Mosab Ýusef häzirki wagt Birleşen Ştatlaryň Kaliforniýa ştatynda ýaşaýar we şu hepde öz ýazan kitabyny çapdan çykarmagy planlaşdyrýar.

Onuň kakasy Şeýh Hassan Ýusefiň öz oglundan ýüz öwürýändigi baradaky ýazan haty düýn Hamas toparynyň internet saýtynda peýda boldy.

Şeýh Hassan Ýusefiň özi häzirki wagt Ysraýylyň türmesinde tussaglykda saklanýar. Hamasyň agzalary onuň ýazan hatynyň türmeden gizlin ýollar bilen alnandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG