Sepleriň elýeterliligi

Bagdatdaky saýlaw uçastogynda partlamada boldy


Şu gün Bagdatda saýlaw uçastogynyň golaýynda bolan partlamada azyndan 14 adam heläk boldy. Olaryň hemmesiniň parahat ýaşaýjylardygy habar berilýär.

Azyndan 48 adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

7-nji martda geçirilmeli parlament saýlawlaryna şol günüň özünde gatnaşyp bilmejek adamlar şu günden başlap wagtyndan öň seslerini berip bilýärler.

Saýlawlary gurnaýjylar wagtyndan öň 950 müňe golaý adamyň ses berjekdigini çaklaýarlar.

Häzirki ses berjekleriň köpüsi saýlaw güni howpsuzlygy üpjün etmeli polisiýanyň we beýleki hukuk goraýjy organlaryň gullukçylary diýlip, maglumatda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG