Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow bilen Medwedewiň arasynda telefon gürrüňdeşligi boldy


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň arasynda telefon gürrüňdeşligi boldy.

Bu telefon gürrüňdeşliginde iki döwletiň liderleri ýakyn wagtlarda geçiriljek özara çäreler, hususan-da, 8-nji maýda Moskwada geçiriljek GDA döwletleriniň nobatdan daşary maslahaty hem-de Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygy bilen baglanyşykly dabaraly çäreler barada pikir alyşdylar.

Bu gürrüňdeşligiň dowamynda prezident Berdimuhamedow Orsýetiň prezidentini özüne amatly wagty Türkmenistana sapar etmäge hem çagyrdy – diýip, Türkmen Döwlet habarlar gullugy habar berýär.
XS
SM
MD
LG