Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wise-prezidenti palestinalylar bilen duşuşdy


Amerikanyň wise-prezidenti Jo Baýden Ysraýylyň Gündogar Iýerusalimdäki basylyp alnan ýerlerde ýene 1600 ýaşaýyş jaýyny gurmak bilen ýahudylaryň oturymly ýerlerini giňeltmek baradaky planyny ýazgardy.

9-njy martda Ysraýylyň Içeri işleri ministrligi tarapyndan bildirilen bu plan Baýdeniň 10-njy martda Iordan derýasynyň günbatar kenaryna eden saparyna zyýan ýetirýär. Bu sapardan maksat Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas we premýer-ministri Salam Faýýad bilen gepleşik geçirmek.

Bu ýerde hemmeleriň ünsüni özüne çeken bu planyň palestinalylaryň prezident Abbas bilen Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahunyň arasynda gytaklaýyn gepleşikleriň geçmegine meýilsizlik bilen razylyk bereninden sanlyja sagat soň yglan edilendigi.

Baýdeniň pikiriçe, bu planyň edil şu wagt bildirilmegi, onuň düýp manysy birek-birege ynamyň köküni gyrmak üçin edilen zat.

“Iki tarap-da gepleşikleri goldar ýaly ýagdaý döretmeli, ony çylşymlaşdyrmaly däl” diýip, Biden aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti özüniň Iordan derýasynyň günbatar kenaryna edýän sapary palestinalylaryň Ysraýyl bilen gytaklaýyn gepleşiklere bolan şübhesini aradan aýyrmaga kömek bolar diýip, umyt edipdi. Ýöne Palestinanyň gepleşikleri alyp barýan wekili Saeb Erekat Ysraýylyň oturymly ýerleri ýaýbaňlandyrmak baradaky planynyň Baýden bilen Abbasyň duşuşygynda esasy tema öwrülendigini aýtdy.

“Ysraýyl hökümeti Palestina häkimiýetlerine, Birleşen Ştatlara, halkara arkalaşygyna ýaraşyk prosesine tarap bir santimetr-de ilerlemäge mümkinçilik berenok” diýip, Erekat belledi.

Ysraýylyň plany ýazgarylýar

Iýerusalimiň palestin häkimiýetleri tarapyndan bellenen häkimi Adnan al-Hosseiniň çaklamagyna görä hem, gytaklaýyn gepleşikler indi şübheli, olardan bir netije çykar diýen umyt ýok: “Gytaklaýyn gepleşiklere başlamak üçin ýurt Birleşen Ştatlaryň wise-prezidentini, jenap Miçeli kabul edip ýörkä, Ysraýyl hökümetiniň Gündogar Iýerusalimde 1600 sany ýaşaýyş jaýyny gurjakdygyny bildirmegi bizi gaty tukatlandyrdy”.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki Mun hem Ysraýylyň bu planyny ýazgaryp: “Bu iş halkara kanunyna ters. Ol iki tarap arasynda netijeli parahatçylyk prosesini ýola goýmagy bökdeýär” diýdi.

Täze gurluşyk planyny arap ýurtlarynyň arasynda Ysraýylyň iň ýakyn ýarany hasaplanýan Müsür-de ýiti tankytlady.

Müsüriň Daşary işleri ministrliginiň sözçüsi Hossam Zaki Ysraýylyň bu planyny “manysyz” diýip häsiýetlendirdi.

Kataryň pemýeri hem Daşary işler ministri Şeýh Hamad bin Jassem al-Sani hem Ysraýylyň bu planyna biragyzdan jogap bermek maksady bilen arap ýurtlarynyň wekilleriniň 10-njy martda Arap Ligasynyň balşygy Amr Musa bilen duşuşýandyklaryny aýtdy.
XS
SM
MD
LG