Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Türkmenistan awtoritar döwlet


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň Demokratiýa, ynsan hukuklary we zähmet býurosynyň 11-nji martda ýaýradan ýyllyk hasabatynda 2009-njy ýylda Türkmenistandaky adam hukuklary bilen bagly ýagdaýa baha berilýär.

Konstitusiýa ýurduň dünýewi demokratik döwletdigini ykrar edýän hem bolsa, çak bilen bäş million ilatly Türkmenistan awtoritar döwlet diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Demokratiýa, adam hukuklary we zähmet býurosynyň 11-nji hasabatynda aýdylýar.

Ynsan hukuklarynyň 2009-njy ýyl boýunça ýagdaýyna bagyşlanan hasabatyň Türkmenistana degişli böleginde bellenişine görä, 2007-nji ýylda ýurduň ýeke-täk syýasy partiýasy bolan “Demokratik partiýadan” alty kandidatyň gatnaşmagynda geçirilen prezidentlik saýlwlary halkara standartlaryna laýyk geçirilmändi, 2008-nji ýylda geçirilen parlament saýlawlary hem demokratik kadalara laýyk däldi.

Özgerişler we eden-etdilikler

Ýurduň käbir ugurlarynda käbir özgerişler bar hem bolsa, hökümet eden-etdilikli hereketlerini dowam etdirdi diýip, hasabatda bellenýär. Hasabata görä, ynsan hukuklarynyň ýagdaýy ýaramazlygyna galdy, häkimiýetler syýasy we graždan azatlyklaryny çäklendirýärler.

Adam hukuklaryna degişli problemalar raýatlaryň hökümeti üýtgetmäge ukypsyzlygyna, tussaglaryň erbet garaýyşlara we gynamalara sezewar edilmegine, olaryň uzak wagtlap daşky dünýä bile gatnaşykdan üzňelikde saklanmagyna, açyk we adalatly sud edilmek mümkinçiliginden mahrum bolmagyna degişli.

Şeýle-de graždanlaryň hususy durmuşyna goşulmak, öýüni dökmek, hat alşygyny barlamak, söz, bileleşmek, birleşikleri döretmek azatlygyny çäklendirmek, din azatlygyna basyş etmek, dini toparlaryň agzalaryny yzarlamak, käbir raýatlaryň hereket azatlygyny çäklendirmek, şol sanda daşary ýurtlarda okamak islän ýaşlara päsgelçilik döretmek ýaly problemalaryň Türkmenistanda dowam edýänligi ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 2009-njy ýyl boýunça adam hukuklaryna degişli hasabatynda bellenilýär.

Syýasy tussaglaryň ykbaly

Hasabatda syýasy tussaglar meselesi bilen baglylykda 2009-njy ýylyň 2-nji maýynda türkmen hökümetiniň döwlete garşy jenaýatçylyklarda aýyplanyp 1995-nji ýyldan bäri tussaglykda saklanan Muhammetguly Aýmyradowy boşadanlygy bellenilýär. Şol bir wagatda-da 2008-nji ýylda Türkmenistana baryp, tussag edilen graždan aktiwisti we öňki syýasy tussag Gulgeldi Annanyýazowyň ykbaly barada habar berilmeýänligi aýdylýar.

2006-njy ýylda tussag edilen žurnalist Annagurban Amangylyjowyň we graždan aktiwisti Sapardurdy Hajyýewiň ykbaly, çylşyrymly şertlerde türmede ýogalan Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ogulsapar Myradowanyň işi barada türkmen häkimiýetleriniň dymýanlygy hasabatda bellenilýär.

2002-nji ýylda Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanyp tussag edilenleriň ykbalyna oppozision toparlar we ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar tarapyndan aladalanma bildirilýän hem bolsa, bu tussaglaryň köspüsiniň ykbaly hem näbelliligine galýar. Bu Türkmenistanyň ÝHHG-däki öňki ilçisi Batyr Berdiýewe hem degişli.
Hasabat ABŞ-nyň ol ýa beýleki ýurt babatynda diplomatik, ykdysady hem strategik syýasatyna esas döredýär.


Türmelerdäki şertleriň hem agyrlygyna, tussaghanalarda saklanylýanlaryň san taýdan köplügi, hapaçylyk, tussaglar üçin bar bolan howplar, şeýle şertlerde tussaglaryň ýogalýanlygy bilen bagly problemalara ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Demokratiýa, adam hukuklary we zähmet býurosynyň 11-nji martda ýaýradan hasabatynda üns berilýär.

Ýyllyk hasabatyň ýaýradylmagy bilen baglylykda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klintonyň eden çykyşynda aýdylyşyna görä, hasabat dünýäniň dürli regionlarynda ynsan hukuklarynyň ýerine ýetirilişine baha bermek üçin ölçeg bolup durýar we ABŞ-nyň ol ýa beýleki ýurt babatynda diplomatik, ykdysady hem strategik syýasatyna esas döredýär.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň sözlerine görä, ynsan hukuklary boýunça hasabat ýurt üçin syýasy görkezme bolup hyzmat etmeýän hem bolsa, onuň ABŞ-nyň hökümeti üçin uly ähmiýeti bar.
XS
SM
MD
LG