Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý, Obama Talyban bilen gepleşikleriň mümkinçiligini maslahat etdi


Owgan hökümeti prezident Hamid Karzaýyň amerikan prezidenti Barak Obama bilen Talyban bilen parahatçylyk gepleşiklerini geçirmegiň mümkinçilikleri barada maslahat edendigini aýdýar.

Bu maslahat duşanbe güni wideo telefon söhbetdeşligi arkaly guralypdyr.

Hökümet sözçüsi taraplaryň ikisiniň hem Owganystan bilen halkara jemgyýetçiliginiň gepleşikler meselesinde bir-bitewi pozisiýada durmalydygyna basym berendigini aýtdy.

Obama bilen Karzaý regional hyzmatdaşlyk, Owganystanda korrupsiýa garşy görülmeli çäreler, sentýabrda geçmeli parlament saýlawlarynyň açyk bolmagy barada hem gürrüň etdiler.
XS
SM
MD
LG