Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde iki sany milisiýa ofiseri tussag edildi


Düýn Orsýetiň Kurgan şäheriniň sudy iki sany milisiýa ofiserini bir ýerli ýaşaýjyny uranlykda günäli tapyp, olaryň her birini 4 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Kurgan şäheriniň sudy milisiýa ofiserleri Aleksandr Burakow bilen Roman Kalugini serhoş ýagdaýdaky bir raýaty wagtlaýyn izolýatora salyp, rehimsizlik bilen ýenjenlikde günäli tapdy.

Sud öz çykaran kararynda bu ofiserlerden ikisine-de türme möhletini tamamlap, azatlyga çykanlaryndan soň hem hukuk goraýjy organlarda işlemekligi gadagan etdi.
XS
SM
MD
LG