Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Amerikanlaryň müňlerçesi Yrakdan we Owganystandan goşun çykarmaga çagyrýar


Şu gün, ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Yraga goşun sürülmeginiň 7 ýyllygyny belläp, urşa garşy protestçileriň müňlerçesi Amerikanyň paýtagty Waşingtonda ýöriş etdi.

Demonstrasiýaçylar amerikan goşunlarynyň Yrakdan we Owganystandan haýal etmän çykarylmagyna çagyrdylar.

Ak tamyň haýatynyň golaýynda tabytlary hatarlan protestçileriň azyndan sekizisi, şol sanda aktiwist Sindi Şihan tussag edildi.

Bu ýylky proteste 2006-njy, 2007-nji ýyllardaky protestlerden az adam gatnaşdy. Ozal bu ýörişe on müňlerçe adam gatnaşýardy.
XS
SM
MD
LG