Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Inçekesel türkmen halkynyň betbagtçylygy


Türkmenistanda inçekesel çözülmesi juda kyn sosial problemalaryň biri bolmagynda galýar. 2003-nji ýylda Aşgabatda hem-de şähere ýakyn ýerde ýerleşen Gökje obasynda inçekesel hassahanalarynyň ýapylyp, olaryň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesine göçürilmegi ýurduň paýtagtynda bu howply keseliň has-da ýaýramagyna itergi berdi.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň Aşgabatdaky inçekesel hassahanasyny paýtagtyň daşyna göçürmek baradaky beren görkezmesinden soň, ýurduň saglygy goraýyş ministrligi bu hassahanany Duşak şäherçesine geçirmek baradaky karara gelipdi.

2003-nji ýylyň ahyrynda Duşakda ýerleşýän oba saglyk merkeziniň (poliklinika) binasy inçekesel hassahanasy üçin saýlanylyp alyndy. Şäherçäniň oba saglyk merkezi bolsa çagalar bagynyň jaýyna göçürildi. Aşgabatdaky hem-de Gökjedäki hassahanalaryň ştat birligi bilen göçürilen Duşakdaky inçekesel hassahanasyna bir bada 400 ştat birligi bölünip berilse-de, 2005-nji ýylda býujet edaralarynda iş orunlarynyň kemeldilmegi netijesinde bu hassahananyň ştaty 280 iş birligine çenli kemeldildi.

Duşak şäherçesi Aşgabat şäherinden 200 kilometr daşlykda ýerleşýär. Paýtagtyň inçekesel bilen kesellän hassalarynyň köpüsi bu uzak ýere gidip bejergi almakdan boýun towlaýarlar. Diňe bir hassalar däl, hatda paýtagtyň inçekesel hassahanasynda işlän professor derejesindäki tejribeli lukmanlar hem bu ýere işe barmakdan ýüz öwürdiler. Ynha, ýüze çykan şu meseleler hem paýtagtda inçekeseliň has-da köp ýaýramagyna itergi boldy.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş baradaky kanuna laýyklykda, jemgyýete howp salýan keseli bolan hassa öz islegine garamazdan, hökmany suratda bejergi alaýmaly. Şonuň üçin inçekesel bilen kesellän hassalar Duşak şäherçesine gitmekden boýun towlasalar-da, olar polisiýa işgärleriniň zory bilen ol hassahanalara ugradylýarlar.

Duşak şäherçesindäki hassalar ol ýere baranlaryndan derrew yzlaryna gaýtmak bilen bolýarlar. Sebäbi bu ýeriniň şertleri juda ýaramaz bolansoň, ol ýerde bejergi almak şäher ilatyna gaty agyr düşýär. Olar lukmanlara para-peşgeş berip, bir aýa golaý hem hassahanada ýatman, ol ýerden gaçyp gaýdýarlar.

Bejergisini doly alyp gelmedik inçekeselliler öýlerine gelip, gaýra üzülip, has-da howply hassa öwrülýärler. Olar özlerinde inçekeseliň antibiotiklere durnukly bakteriýasyny döredýäler. Şol hassalar bilen gatnaşykda bolan sagat adamlar hem inçekeseliň iň bir howply görnüşine sataşmak howpunyň astynda galýarlar.

Inçekesel - sosial kesel

Elbetde, inçekesel sosial kesel. Ol immuniteti gowşak bolan adama çalt ýokuşýar. Bu kesel bilen, esasan, jemgyýetiň pes gatlagy, ýagny ýetde-gütde durmuşda ýaşaýanlar, neşekeşler keselleýärler. Ýöne kesel ynsanyň jemgyýetdäki ornuny seljerip durmaýar. Inçekesel bilen gurply adamlar hem keselleýär. Ýöne pully adamlara Duşak şäherçesinde däl-de, öýünde bejergi almaga paýtagtda giň mümkinçilikler bar.

Aşgabatdaky inçekesel hassahanasyndan işden boşan tejribeli ftiziatr lukmanlar öz hasabyna bejergi almaga döwtalap hassalara höwes bilen ýapyşýarlar.

Öz hasabyňa inçekeselden bejerilmeklik hassalara gaty ýeňil hem düşenok. Bir aýky bejergi hassa 600-700 manada, ýagny 200-250 amerikan dollaryna düşýär. Keseliň iň ýeňili üçin bolsa pesinden alty aý bejergi almak zerur. Bejerginiň hassa şeýle gymmat düşmegi, inçekesele garşy derman serişdeleriniň gymmatlygy üçindir.

Türkmenistanda inçekesel DOTS programmasy boýunça bejerilýär. Bu programma laýyklykda inçekeseliň garşysyna ulanylýan ähli derman serişdeleri hassalara mugt berilýär. Keseli bejermeklik hem döwletiň hasabyna amala aşyrylýar. Ýöne döwletiň hasabyna mugt bejerilmek üçin paýtagtyň hem-de Ahal welaýatynyn ýaşaýjylary hökmany suratda hasaba durup, Duşak şäherçesindäki hassahana ýerleşmeli bolýarlar.

Inçekesel bilen keselleýänleriň aglaba bölegi ýetde-gütde durmuşda ýaşaýanlar bilen neşekeşler bolansoň, öz hasabyna aýda 250 amerikan dollaryny çykaryp, saglyklaryny bejertmäge olarda mümkinçilik bolmaýar. Şonuň üçin bu hassalar Duşakdaky hassahanada bejergi almaga gidýärler.

Jemi 300 orunlyk hassa niýetlenen Duşakdaky inçekesel hassahanasynda bejergi alýanlaryň 70 göterimi neşekeşler we türme tussaglygyndan boşap gelenlerdir. 2004-nji ýylda inçekesel hassahanasynyň Duşagyň merkezindäki hassahana göçürilip getirilmegi bilen, bu ýeriniň ilatynyň arasynda inçekesel bilen keselleýän adamlaryň sany birden artyp başlady. Munuň sebäbi hassahanada bejergi alýan hassalaryň obanyň çäginde erkin gezmekleri bilen baglydyr.

Hassahanadaky neşekeş hassalaryň arasynda eli egrileri juda kän. Olardan ýaňa hatda lukmanlar hem dat edýärler. Neşekeş hassalar diňe bir palatadaşynyň emlägine el urman, hatda lukmanlary-da sylap goýmaýarlar.

Eli egri neşekeş hassalar Duşagyň ilatyna hem gün berenoklar. Agşamlaryna olar hassahanadan ogryn çykyp, oba ilatynyň goýunlaryny, towuklaryny ogurlap, öz neşesinden geçirýärler.

Aşgabatda inçekeselden ilaty goramak maksady bilen göçürilen hassahana paýtagtyň ilatyny bu keselden saplamagyň deregine, gaýta şäherde inçekeseliň köp ýaýramagyna itergi berdi. Munuň üstesine, Duşagyň ilatynyň arasynda-da bu howply keseliň ýaýramagyna getirdi.

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG