Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda kompýuter oýunlaryna isleg artýar


Türkmenistanda kompýuter oýunlaryny hödürleýän igrotekalaryň sany artýar. Olarda oýun oýnaýan ýaşlar, hatda uly ýaşly adamlar hem köp. Öňler şäherlerde köp bolan bu igrotekalar, indi, obalarda hem barha köpelýär.

Eýsem kompýuter oýunlary zyýanlymy ýa-da peýdaly?

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Şir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Ýaşlar” programmasynda Türkmenistanda mekdepleriň kompýuterleşdirilmeginiň ähmiýeti we internetiň geljekde türkmen jemgyýetinde oýnajak roly hem-de türme tussaglygyndaky yaşlaryň ýagdaýlary barada hem maglumat berilýär.

Bular baradaky gepleşigi diňlemek üçin sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG