Sepleriň elýeterliligi

Obama medisina ätiýaçlandyryş proýektine gol çekdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama medisina ätiýaçlandyryş sistemasyny reforma etmek baradaky Kongresiň kabul eden kanun proýektine gol çekdi. Onuň bahasy 938 milliard dollardyr.

Täze kanun esasynda şu wagta çenli hiç hili medisina ätiýaçlandyryşy bolmadyk 32 million amerikaly bu sistema goşular.

Şeýle kanunyň kabul edilmegini Barak Obama saýlawlaryň öň ýanydaky kampaniýada saýlawçylaryna söz beripdi.

Kanun proýekti boýunça Kongresde gyzgyn çekişmeler, jedeller bir ýyllap dowam etdi. Respublikanlar bu kanuny gaty gymmat hasap edýär.
XS
SM
MD
LG