Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tatarystanyň prezidentiniň inagurasiýa dabarasy geçirildi


Tatarystanda 25-nji martda ýurduň täze prezidenti Rustam Minnihanowyň wezipesine girişmek dabarasy boldy.

Tatarystanyň taryhynda 2-nji prezidentiň innagurasiýa dabarasynyň Kazan filarmoniýasynyň uly konsert zalynda geçirilendigi habar berilýär.

Bu dabara Türkmenistanyň delegasiýasyna ýolbaşçylyk edip baran türkmen Mejlisiniň ýolbaşçysy Akja Nurberdiýewa Rustam Minnihanowy gutlap, “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň dowamynda siz bilen duşuşyp, ykdysady hem gumanitar pudaklarda özara hyzmatdaşlygyň perstektiw ugurlaryny kesgitlejekdigine tüýs ýürekden ynanýar” diýdi.

Tatarystanyň öňki we ilkinji prezidenti Mintemir Şaýmiýew 20 ýylyň dowamynda bu ýurda ýolbaşçylyk etdi.
XS
SM
MD
LG