Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO bu golaýda Gürjüstany öz hataryna kabul etmez


NATO ýakyn wagtlarda Gürjüstany öz hataryna kabul etmegi planlaşdyrmaýar diýip, guramanyň baş sekretary Anders Fog Rasmusseniň düýn Brýusselde Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili bilen duşuşygyndan soň aýdandygyny Associated Press agentligi habar berdi.

Şol bir wagtda-da Rasmussen Gürjüstanyň demirgazyk atlantik ugruny NATO soýuzynyň öňküleri ýaly goldaýandygyny, haçan-da ýurt soýuzyň standartlaryna doly laýyk gelende, oňa girip biljekdigini aýdy.

Öz tarapyndan Saakaşwili halkara güýçleriniň Owganystandaky harby operasiýalaryna Tbilisiniň goldawyny giňeltmäge taýýardygyna Demirgazyk atlantik soýuzyny ynandyrdy.
XS
SM
MD
LG