Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşlarda hyjuw bar, mümkinçilik ýok


Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň aktýory, Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýewiň «Aşyklar şasy» atly bir aktýorly teatryň (monoteatr) oýny bilen aýlanyp çykmak isleýändigi hakda ýaňy-ýakynda türkmen mediasynda habar berildi. Şu oýun bilen ol türkmen şahyry Mollanepesi bütin dünýä ýaýmak isleýär.

Anna Meläýew bir aktýorly teatr bilen 1996-njy ýyldan bäri meşgullanyp başlapdyr. Ol dürli ýyllarda özüniň monoteatrynyň monospektakllary bilen Fransiýada, Germaniýada, Polşada, Russiýada, Ukrainada, Horwatiýada, Gazagystanda, Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda çykyş edipdir.

Ine, şujagaz maglumat türkmen artistleriniň içinde zehinli ýaşlaryň köpdüginden habar berýär. Anna Meläýew näme üçin öz ussatlygy bilen dünýä bir özi aýlanýar? Ýaş artistiň sungat äleminde yz galdyrasy gelýär. Sungat äleminde yz galdyrmak diňe bir Anna Meläýewiň arzuwy däl, ol her bir artistiň arzuwy. Ýöne Türkmenistanyň prezidentiniň ýaňy-ýakynda döredijilik işgärleri bilen bolan duşuşygynda Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň dogry belleýşi ýaly, ýurduň teatrlarynda hiç hili sahna oýny ýok.

Garaşsyzlyk ýyllarynda teatrlar bir adamy taryplamaga, diňe döwrüň syýasatyny wasp etmäge gönükdirildi. Döredijilik işgärleri bilen bolan duşuşykda hut ýurduň prezidentiniň özüniň-de belläp geçişi ýaly, gowy kino-da düşürilmedi, gowy sahna oýny-da goýulmady. Hiç bir kino, sahna eseri dünýä çykarylmady. Ýalan syýasaty wasp edýän gowşak eserlere bolsa dünýä tomaşa etmeýär.

Zehinler küle çökdi

Ýaşy uly bolsun, kiçi bolsun, tapawudy ýok, her bir artistiň gowy sahna eserinde, gowy rolda çykyş edesi gelýär, özüni, zehinini halka görkezesi gelýär. Ýöne olaryň gowy rollary döretjek ýyllary ýurtdaky ýalan syýasatyň hapa tozanynyň içine siňip galdy. Olaryň zehinleri küle çökdi. Dramaturglar, gowy režissýorlar gara spisoga salyndy. Köp kinorežissýorlar Orsýede göçüp gidip, şol ýerde işleýärler.

Ýurduň zehinleri şeýle ýagdaýdaka gowy oýun goýmalydygy, gowy kino düşürmelidigi hakda agyzlarynda aş gatyklaýarlar. Bu zatlary dünýä jemgyýetçiliginiň gözüni gapmak üçin edýärler.

Türkmenler şol bir syýasata daňylgy dur. Olar kitap ýazsalar-da, sahna eserini ýazsalar-da, kino eserini ýazsalar-da diňe ýurtdaky syýasaty taryplap ýazmaly. Edebiýat hem, sungat hem syýasatdan üzňe bolmasa, ol hiç wagt halka ýakyn bolmaz, halkyň söýgüsini gazanmaz, halkyň ýüregine siňmez. Zehinleri halk saýlaýar. «Hiç hili gowy sahna oýny döremedi, hiç hili gowy kino düşürilmedi» diýşip, yzyndanam bir topar adamlara prezidentiň bäsleşiginde üstün çykylanlygy üçin baýrak paýlanýar.

Hiç hili gowy sahna eseri ýok bolsa, hiç hili gowy kino ýok bolsa, baýrak kime, näme üçin berilýär? Hemme meselede oýun edilýär. Hakyky oýun welin ýok. Bu zatlar ýaşlaryň ýüregine sygmaýar. Hünäriň basgylanmasy, aýak astyna zyňylmasy ýaş ýürekleri götertmeýär. Onsoň, bir özi dünýäni aýlanyp, öz zehinini propagandirleýän ýaş artist Anna Meläýew ýaly, horjunyňy arkaňa atyp, dünýäni aýlanaýmasa, artiste zehinini dünýä ýaýmak üçin häzir-ä Türkmenistanda başga ýol ýok.

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG