Sepleriň elýeterliligi

Ýewropaly bank Türkmenistan boýunça täze strategiýasyny yglan etdi


Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky Türkmenistan boýunça täze strategiýasyny yglan etdi.

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky tarapyndan ýaýradylan beýanata görä, bu ädim bankyň Türkmenistanda ykdysady we syýasy reformalaryň amala aşyrylmagy üçin öz işlerini dowam etdirmek isleýänligini aňladýar.

Şol beýanatda ÝDÖB Türkmenistanda käbir özgerişleriň bolanlygyny ykrar edýär, emma ýurtda syýasy we ykdysady ugurlar boýunça mundan beýlägem ösüşleriň bolmagynyň zerurdygyny aýdýar.

Düýbi Londonda ýerleşýän “Global Witness” atly gurama bank tarapyndan kabul edilen bu strategiýanyň Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylary tarapyndan başga bähbitler üçin ulanylmak howpunyň bardygyny aýdýar.

“Global Witness” tarapyndan 1-nji aprelde ýaýradylan beýanatda Türkmenistanda aç-açanlygy ornaşdyrmak we adam hukuklarynyň ýagdaýyny ösdürmek barada edilýän talaplary ödemegi türkmen hökümetiniň başarmanlygy hem aýdylýar.
XS
SM
MD
LG