Sepleriň elýeterliligi

Päkistanda ABŞ-nyň konsulhanasynyň golaýynda partlama boldy


ABŞ duşenbe güni Päkistanyň Peşawer şäherinde ýerleşýän amerikan konsulhanasynyň golaýynda bolan partlamalary ýazgardy. Şol wakada azyndan 4-si hüjümçi, jemi 6 adamyň heläk bolanlygy aýdylýar.

Päkistanda ýerleşýän Tahreek-i-Taliban atly toparyň wekili Azam Tarik Frans Press habar agentligine beren interwýusynda bu hüjümiň Amerikanyň adamsyz uçarlary tarapyndan tire-taýpalar regionunda amala aşyrylýan hüjümlere garşylyk hökmünde amala aşyrylanlygyny aýtdy.

Frans Press habar agentliginiň habarçysy şol partlamalaryň ABŞ-nyň konsulhanasynyň 20 metr golaýynda ýerleşýän howpsuzlyk güýçleriniň barlag merkezinde bolanlygyny habar berdi.

Bu partlamalaryň jogapkärçiligini Talyp gozgalaňçy topary boýun aldy.
XS
SM
MD
LG