Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak Tam Karzaýyň saparyny goýbolsun etmek barada oýlanýar


Ak Tam owgan prezidenti Hamid Karzaý ynjalykdan gaçyrýan sözleri aýtmagy dowam etse, onuň Waşingtona saparyny goýbolsun etmek barada oýlanýandygyny aýdýar.

Ak Tamyň sözçüsi Robert Gibbs biz prezident Karzaýyň aýdýan zatlaryna serederis we şeýle duşuşygyň näderejede konstruktiw boljagy barada netije çykararys diýdi.

Karzaý Birleşen Ştatlaryň ýaranymy diýen soraga Gibbs oňa Owganystanyň demokratiki esasda saýlanan prezidenti hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Karzaý 12-nji Maýda Ak tamda prezident Barak Obama bilen duşuşmaly.
XS
SM
MD
LG