Sepleriň elýeterliligi

Yragyň demirgazygynda iki amerikaly esger heläk boldy


ABŞ-nyň Yrakdaky harbylarynyň aýtmagyna görä, demirgazyk Yrakda bolan çaknyşyklarda azyndan iki amerikan esgeri heläk boldy.

Amerikaly harbylar tarapyndan ýaýradylan beýanatda şol esgerleriň çarşenbe güni wepat bolanlygy aýdylýar. Olaryň ady henize çenli halk köpçüligine aýan edilmedi.

Assosiated Press habar agentliginiň resmiler tarapyndan tassyklanmadyk maglumatyna görä, 2003-nji ýylyň marta aýynda Yrakdaky harby operasiýalar başlanany bäri şol ýurtda ölen amerikaly harbylaryň sany 4390 esgere ýetdi.
XS
SM
MD
LG