Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşada prezidentlik saýlawlarynyň möhleti 21-nji aprelde yglan ediler


Şu gün Polşanyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Bronislaw Komarowskiý prezidentlik saýlawlarynyň geçiriljek möhletiniň 21-nji aprelde yglan ediljekdigini mälim etdi.

Şu geçen hepdäniň şenbe güni uçar heläkçiliginde aradan çykan prezident Leh Kaçinskiniň jaýlanyş çäresi 18-nji aprelde, hepdäniň ýekşenbe güni gurnalar.

Geçen hepdäniň şenbe güni Polşanyň resmilerini alyp barýan «TU-154» kysymly uçar Orsýetiň Smolensk oblastynda heläkçilige uçranda, Polşanyň kopsanly resmileri bilen birlikde ýurduň prezidenti Leh Kaçinskiý hem bu wakanyň pidasy bolupdy. Wakada uçaryň içindäki 96 adamyň hemmesi heläk boldy.

Orsýetiň resmileri häzirki güne çenli ölenlerden 64-siniň jesediniň anyklanandygyny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG