Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedinejat pars-türkmen gatnaşyklaryny öwýär


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejat Tähran bilen Aşgabadyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna ýokary baha berdi.

«Ahmedinejat öz türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen anna güni eden telefon gürrüňinde bu iki ýurduň hökümetleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ýokarlandyrmak üçin bir topar çäre görýändigini aýtdy» diýip, Eýranyň Pres TW-si aýdýar.

Türkmenistan Eýranda şenbe güni açylan iki günlük ýadro konferensiýasyna uly derejeli delegasiýa iberdi. Ol delegasiýa Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow ýolabaşçylyk edýär.
XS
SM
MD
LG