Sepleriň elýeterliligi

Wulkan külüniň täze buludy Beýik Britaniýa tarap süýşýär


Islandiýanyň günortasynda täze wulkanyň atylmagy netijesinde düýn emele gelen wulkan külüniň täze buludy Beýik Britaniýa tarap süýşýär.

Şu gün Angliýanyň, Şotlandiýanyň we Uelsiň howa giňişliklerini açmagyň planlaşdyrylýandygyny Britaniýanyň milli howa-transport gullugy yglan etdi.

Häzirlikçe Londonyň aeroportlary ýapyk, Germaniýada we Polşada uçuşlar togtadyldy.

Irlandiýanyň, Gollandiýanyň, Awstriýanyň, Daniýanyň, Şwesiýanyň, Finlýandiýanyň we Norwegiýanyň aeroportlary uçuşlary bölekleýinem bolsa dikeltdi.

Düýn Ýewropanyň günortasyndaky howa giňişliginde, şeýle-de Çehiýanyň we Wengriýanyň asmanynda uçuşlar başlandy.

Ýewropada uçuşlaryň tertibi Islandiýada wulkanyň oýanmagy netijesinde 15-nji aprelde bozulypdy.
XS
SM
MD
LG