Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystan wahabizmiň howpuny duýup başlady


On dört asyr mundan ozal dörän yslam Saud Arabystanynda ýurduň ähli ilatynyň, şeýle hem Orta Gündogaryň beýleki regionlaryndaky adamlaryň gündelik durmuşynyň içinden eriş-argaç bolup geçip, olaryň barlygynyň özenini emele getirýär.

Bu diniň dünýäniň agalyk ediji dürli güýçleri tarapyndan geosyýasy maksatlar üçin ulanylmagynyň hem sebäbi şol. Ony XIX asyrda we XX asyryň başlarynda Britan imperiýasy ulandy. Soň hem Amerikanyň Bileşen Ştatlary.

XVIII asyrda yslamyň özenine o diýen düşünmeýän wagyzçy Abdel Wahab peýda boldy. Arap ýarymadasynyň bisowat sähralylary onuň taglymatyna ýykgyn etdiler. Aradan salym geçmän, Britan imperiýasy munuň regionda türkleriň täsirine garşy ulanmaga peýdaly guraldygyna göz ýetirdi. Täze taglymat iňlisleriň sessiz-üýnsüz güýçli goldamgy bilen tutuş arap ýarymadasyna ýaýrap, iň soňunda hem ýurdy döwrebap patyşalyga birikdiren Saud maşgalasy tarapyndan kabul edildi. Bu maşgala iňlisleriň goldawyny gazandyran şu aýgytly karar boldy.

Britanlaryň eden uly ýalňyşlygy wahabizmi osmanly türklere garşy möhüm ýarag diýip düşünenligidir. Dogrudanam, 1932-nji ýylda Saud patyşalygy gurlaly bäri wahabizm bu döwletiň resmi taglymaty bolsa-da, ony daşary ýurtlara ýaýratmak barada edilen tagalla köp bolmady.

Iňlisleriň eden ýalňyşy gaýtalandy

Ýöne 1979-njy ýylda Sowet Soýuzy Owganystana çozup girensoň, ýagdaý üýtgedi. Käbir aňtaw gulluklary iňlisleriň eden ýalňyşyny gaýtalap, ekstremizme öz şol döwürki geosyýasy ganymlarynyň täsirine garşy derman diýip garadylar. Ýöne olar bu dermanyň derdiň özünden ýamandygyna düşünmediler. Sowetlere duşman aňtaw gulluklarynyň halkara wahabizminiň soňra özlerine garşy gönükjekdigine göz ýetirip bilmediler.

Olar bu taglymatyň millionlarça musulmana ýaýradylmagyna goşant goşmagyň ýalňyşdygyna 1998-nji ýylda Amerikan ilçihanasy Naýrobide bombalanansoň hem-de 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndan soň düşünip galdylar.

Şazada Abdullah Owganystandaky talibana režimine gidýän pullary kesdi. Ol 2001-nji ýylda olary ýeňmekde Birleşen Ştatlara goldaw berdi. Şol bir wagtyň özünde-de içki reformalara başlady. Aýallara okuwly-bilimli bolmaga ýol açdy. Geň tarapy britan agentleriniň kömegi bilen wahabizm ýurda ornaly bäri aýallara beýle mümkinçilik ýokdy.

1995-nji ýyldan 2001-nji ýyla çenli talibanlary goldap gelen Saud Arabystany Abdullah patyşanyň ýolbaşçylygynda prezident Hamid Karzaýy goldamagy wada etdi.

Hristian we beýleki dini doganlary ýaly kesekiniň pikirine o diýen çydamly bolmadyk musulmanlaryň sany 1,5 milliondan ýokary. Ýöne ýasama suratda ösdürilen wahabi taglymaty aram köplüge gürlemäge ýol berenok. Ýöne indi Saud Arabystanynyň patyşasy Abdullah wahabizmiň betbagtçylygyndan çekilip, yslamyň altyn asyryna tarap barýar.

M.D. Nalapat Hindistanyň Manipal Uniwersitetiniň professory. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG