Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz häkimiýetleri asudalygy ýola goýmaga çalyşýar


Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti hepdäniň duşenbe güni Bişkek şäheriniň eteginde azyndan üç adamyň ölümine getiren bulagaýçylyklardan soň, düzgün-tertibi ýola goýmaga çalyşýar.

Bişkegiň eteginde ýer dawasy bilen baglanyşykly ýüze çykan bu bulagaýçylyklar bilen bir wagtda ýurduň günortasynda Kurmanbek Bakyýewiň tarapdarlary hem wagtlaýyn hökümete garşy protest bildirip, çykyş etdiler. Bu wakalar iki hepde mundan ozal prezident Kurmanbek Bakyýewi häkimiýetden çetleşdiren wagtlaýyn hökümetiň öňünde ýeňil bolmadyk synaglaryň durandygyny görkezdi.

Geçen hepde Gazagyzystana gaçyp baran Kurmanbek Bakyýewiň şu geçen dynç alyş güni Gazagystany hem terk edendigi habar berildi. Şu gün Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň agzasy Edil Baýsalow, Gyrgyzystana dolanyp gelse, Kurmanbek Bakyýewiň tussag ediljekdigini duýduryp, çykyş etdi.

Ýurduň günortasyndaky Jalalabat şäherinde Bakyýewiň tarapdarlary henizem wagtlaýyn hökümete garşylyk görkezip, çykyş etmeklerini dowam etdirýärler.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň bu regiondaky habarçysy Ryspaý Abdyraimow şu gün ýene Bakyýewiň tarapdarlaryndan 2000 töweregi adamynyň şäheriň merkezine ýygnanyp, içeri işler bölüminiň binasyny ele almaga synanyşandyklaryny habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, bu wakada protestçileriň öňüni Kurmanbek Bakyýewiň agasy Akmat Bakyýew çekipdir.

Jalalabat oblastynda kontrol gowşak

Žurnalist Abdyraimow bu barada şeýle maglumat berdi: «Şu gün Jalalabadyň oblast içeri işler bölüminiň işgärleri bu edaranyň derwezesini açman, garşylyk görkezenlerinde, Akmat Bakyýew olary derwezäni açmaklyga çagyrdy. Ol Kurmanbek Bakyýewiň olara hiç hili ýamanlyk etmändigini aýtdy. Şeýle hem ol ‘Talas şäherinde ozalky geçirilen ýörişlerde protestçileriň içeri işler ministri Moldomus Kongantiýewe nähili darandyklaryny, ony öldüm-öldüm derejesine çenli ýenjendiklerini siz bilýärsiňiz’ diýip, derwezeleriň meýletin açylmagyny talap etdi. Ol özüniň ýene bäş minutdan bu ýerden gitjekdigini we şoňra ol ýerde nähili wakalar ýüze çyksa-da, muňa diňe organ işgärleriniň jogapkär boljakdygyny aýtdy».

Duşenbe güni Gyrgyzystanyň Içeri işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Bolot Şerniýazow habarçylara beren interwýusynda Kurmanbek Bakyýewiň doganlary Janyş Bakyýewiň, Kanybek Bakyýewiň we Akmat Bakyýewiň ele salnan halatynda tussag ediljekdiklerini mälim etdi.

Şu geçen dynç alyş güni Bakyýewiň tarapdarlary Jalalabat oblast administrasiýasynyň jaýyny kontrollyga alyp, oblastyň gubernatorynyň wezipesine öz adamsyny bellediler.

Azatlyk Radiosynyň bu regiondaky habarçysy ýurduň wagtlaýyn hökümetiniň Jalalabat oblastyna kän bir kontrollyk edip bilmeýändigini aýdýar.

Bişkegiň golaýyndaky protest


Bişkek şäheriniň eteginde-de şu gün 300 töweregi adam köçä çykyp, bidüzgünçiliklerde tussag edilen 100-e golaý adamyň tussaglykdan boşadylmagyny talap etdiler. Bu tussaglykdaky adamlar düýn ýer dawasy bilen baglanyşykly gurnalan bidüzgünçiliklerde tussag edilipdiler.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň habarçylary şu gün bu protestçileriň tiz wagtdan milisiýa işgärleri tarapyndan dargadylandygyny habar berdiler.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary Bişkek şäherinin etegindäki «Maýowka» obasynda ýer dawasyny eden adamlaryň esasan bu ýerdäki meshetin türkleriniň eýeçiligindäki ýerlere hüjüm edendiklerini aýdýarlar. Habarçylaryň we gözli şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, bikanun mellek ýerlerini almaga dyrjaşýanlar aglaba obanyň daşyndan gelen adamlar.

Türkiýäniň Gyrgyzystandaky ilçisi Nejat Akçal şu gün bu oba sapar edip, ýurduň häkimiýetlerini etnik türklere garşy edilýän hüjümleriň öňüni almaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG