Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan uly synag bilen ýüzbe-ýüz


Kurmanbek Bakyýewiň hakimiýetden çetleşdirilip, wagtlaýyn hökümetiň ýurdy dolandyryp başlamagy bilen, Gyrgyzystanyň käbir regionlarynda yzygiderli bulagaýçylyklar hem ýüze çykyp başlady. Bu wakalar wagtlaýyn hökümetiň öňünde näderejede çynlakaý synaglary döredýär? Şu soňky wakalar barada Azatlyk Radiosy radionyň Gyrgyz gullugynyň žurnalisti Wenera Jumataýewa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Howpsuzlyk taýdan Gyrgyzystanda şu günler ýagdaý nähili? Ýurtda bikanun ýer eýelenýänligi we başga milletleriň ýaşaýan obalaryna hüjüm edilýänlligi barada habarlar gowuşýar.

Wenera Jumataýewa: Gyrgyzystanda ýer eýelemek bilen bagly wakalar öňden bäri dowam edýär. Esasan-da, her ýylyň bahar aýlarynda ýerli ýaşaýjylaryň toparlary Bişkegiň özünde we onuň töwereginde boş duran ýer giňişliklerini eýeleýärler we çatma dikip, ýaşap başlaýarlar. Şeýlelikde, her ýyl sosial närazylyk partlamasy ýaly bir ýagdaýa şaýat bolýarys.

Häzirki wagtda ýurduň onlarça, ýüzlerçe müň ýaşlary iş orunlaryna we ýaşaýyş jaýlaryna mätäç. Gyrgyzystanyň hökümeti bolsa garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ilaty iş bilen üpjün etmäge ukypsyzlygyny görkezdi. Jaý meselesini çözmek boýunça programma hem düzülmedi.

Azatlyk Radiosy: Ýer eýelemek bilen bagly aýry-aýry raýatlaryň özbaşdak çykyşlaryndan daşary, guramaçylykly häsiýetdäki aksiýalaryň hem bolup geçýänligi habar berilýär. Şeýle çykyşlaryň aňyrsynda näme bolup biler?

Wenera Jumataýewa: Edil şu ýylky wakalara syn etsek, ýer eýelemek bilen bagly çykyşlaryň şu sapar örän agressiw geçýänligini bellemek mümkin. Biziň Bişkekdäki hem regionlardaky habarçylarymyz çykyş edýänleriň taýakdyr-armatura bilen ýaraglanyp, öňünden guramaçylykly taýýarlyk görendikleri barada pikir döredýänligini habar berýärler. Wagtlaýyn hökümetiň wekilleri bolsa, olara pul paýlanylmagy bilen bagly wakalaryň hem bolanlygyny öňe sürdüler.

Şeýle toparlaryň guramaçylykly hereketleri we agressiwligi olaryň aňyrsynda prowokatiw güýçleriň duranlygy barada pikir döredýär. Türkleriň ýaşaýan Maýowka obasyna edilen hüjümleriň-de ýörite görkezme bilen amala aşyrylan bolmagy münkin.

Azatlyk Radiosy: Häzir Belarusda saklanan Kurmanbek Bakyýew 21-nji apelde ýörite beýannama bilen çykyş edip, özüniň Gyrgyzystanyň prezidenti wezipesinden çekilmänligini yglan etdi we halkara jemgyýetçiligini Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetini ykrar etmezlige çagyrdy. Bakyýewiň bu beýannamasyna Gyrgyzystanda nähili garalýar?

Wenera Jumataýewa: Bakyýewiň Minskide aýdanlary Bişkekde ýaňsa alnyp garşylandy. Elbetde, gynanç hem bildirildi. Syýasatçylaryň we ekspertleriň sözlerine görä, Kurmanbek Bakyýew ol beýannamasy bilen özüniň nähili adamdygyny we nähili syýasatçydygyny ýene bir gezek tassyklady. Ol aýdýan sözleriniň edýän işlerine gabat gelmeýänligini ýene görkezdi, sebäbi ol häzir wezipesini terk edýänligi barada öz goly bilen ýazan beýannamasyny ret edýär.

Bakyýew bu beýannamasyny ÝHHG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda Gazagystanda ýazypdy. Häzirki wagtda Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti we ilat köpçüligi: “Kurmanbek Bakyýew ýurdy nädip dolandyrmak isleýärkä, ol Gyrgyzystana Minskide oturyp ýolbaşçylyk etmekçimikä?” diýen ýaly sowallary orta atýarlar.

Azatlyk Radiosy: 23-nji aprlede K. Bakyýew Minskide metbugat konferensiýasyny geçirmekçi. Bakyýewiň ertirki çykyşyndan nämä garaşylýar?

Wenera Jumataýewa: Minskide boljak ertirki metbugat konferensiýasynda Bakyýewiň prezidentlik wezipesinden çekilmekden ýüz öwürmeginiň sebäbini düşündirmegine garaşýarys. Gyrgyzystanly žurnalistleriň kopüsini gyzyklandyrýan sowal ol-da Bakyýew özüni prezident hasap edýän bolsa, onda ol nämüçin Gyrgyzystana gelmeýär diýen sowal.
XS
SM
MD
LG