Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köwüş ussalarynda emel köp


Geçen asyryň ellinji-altmyşynjy ýyllarynda Türkmenistandaky köwüş ussalarynyň köpüsi ermeni, azerbaýjan, lezgi milletinden bolan adamlardy, ýagny bir söz bilen aýdanyňda, kawkazlylardy.

Şol ýyllar piwo, gazly suw, buzgaýmak satmak, sertaraşlyk, taksi sürmek… ýaly girdejili kärler hem kawkazlylaryň elindedi. Köwüş ussaçylygy-da gazançly kärleriň biridi.

Eýsem, köwüş ussaçylygynyň häzirki ýagdaýy nähili? Bu ýerde girdeji barmy? Halka köwüş tikmek we ýamamak boýunça edilýän hyzmatyň hili niçik? Köwüş ussaçylygynda häzirem kawkazly milletleriň wekilleri bar. Ýöne ozalky ýyllardaky ýaly köp däl. Türkmenlerem indi köwüş ussaçylygyny öwrenipdirler.

Türkmenistanda ýaşaýan ilatyň köpüsiniň goly ýuka. Şeýle bolansoň, olar köplenç halatda 30 manat bilen 50 manat aralygyndaky arzan köwüşleri satyn almaly bolýarlar. Bu bolsa 11-17 dollar baha bolýar. Beýle bahadaky köwüşler esasan Hytaýdan hem Eýrandan getirilýär. Hytaýyň hem Eýranyň Türkmenistana getirilýän ähli harytlarynyň bolşy ýaly, köwüşleriniň-de ömri gysga. Orsýetden, Türkiýeden getirilýän 50-100-200 amerikan dollaryna berilýän köwüşler hem bazarlardyr dükanlarda kän. Ýöne beýle gymmat köwüşleri az iş haklylar almaýar.

Aýratynam, çagasy köp maşgalalara kyn düşýär. Çaga köwüşleri has-da tiz tozýar. Sebäbi çagalar köwşi aýamalydygyna düşünmeýärler. Olar köwşi bilen daş hem depjek, top hem depjek. Dogrusy, bahasy arzan bolan ulularyň köwüşleri-de hernäçe aýalyp geýilse-de, aňyrsy iki-üç aýdan ýa tikini sökülýär, ýa-da aşagy gaçýar, ýa-da petegi çüýreýär, ýa-da ökjesi sürülýär.

Köwüş ussahanasyna ýüz tutmaly bolýarsyň


Her üç aýdan täze köwüş satyn almak aňsat düşenok. Isleseň, islemeseň, köwüş ussahanasyna ýüz tutmaly bolýarsyň.

Türkmenistanyň dürli künjeginde köwüş bejerýän ussahanalaryň sany ýetik. Müşderileriň sany-da, kän bolmasa-da, ussahanalar gelim-gidimsiz däl. Köwüş ussahanalaryna ýumşuň düşse, möhümiňi çalt bitirýärler. Ozalky ýyllardaky ýaly - üç-dört günden soň gel diýenoklar. Aňry gitse, bir günüň içinde köwşüňi bejerip, eliňe berýärler.

Goly ýuka ilat köwşüni mazaly tozdurman, ussahana barmaýar. Ussahanalaryň hyzmaty-da arzan düşenok. Köwşüňi tikdirjek, ökjesini düzletjek, petegini täzeletjek bolsaň, azyndan 3-5 manat tölemeli. Köwüş ýamatmanyň kähalatlar nyrhy arzanrak täze köwşüň bahasyna ýetiberýär.

Garyp üçin bir manat hem pul. Şeýle bolansoň, milletiň aglaba bölegini düzýän garamaýak tozan köwşüni-de zyňmaga dözmän, köwüş ussahanasyna tabşyranyny gowy görýär.

Adamlar ussanyň bejeren köwşüni azyndan alty aý geýerin öýdýärler. Emma, köplenç halatda beýle bolup durmaýar. Indi köwüş ussalarynyň-da akyly «has köpelipdir». Olaryň halal, ak ýürekden işleýäni az. Köwüş ussalaryndan ýarym-ýalta bejerilen köwüşleri alýan müşderiler bir aýa ýetmän, ýene köwüş ussahanalaryna ýüz tutmaly bolýarlar.

Müşderiler gymmadrak köwüş satyn alsalar, gymmat köwşüň ömrüniň uzak boljagyna, gymmat köwüşleriň bek bolýandygyna, arzan köwüşleri birsyhly ýamatmak üçin çykarylýan çykdajylaryň-da ahyrsoňy gymmat köwüş üçin tölenjek puluň derejesine ýetýändigine düşünmeýärler. Ýöne olar bir bada ep-esli pul çykaryp, gymmadrak köwüş satyn alsalar, güzeran aýlamaga harç ýetmez öýdüp gorkýarlar. Goly ýuka ilatda köwüş ussalaryna ýüz tutmadan başga çäre ýok. Käriniň «abyny-tabyny» kemsiz ele alan köwüş ussalarynda hiç kime rehim ýok, olar köwüş ýamatjagyň güzerany hakda bilmek isläp duranoklar, ýyrtyk köwüşli ýanlaryna geleniň ýagyrnişligini otlap, olary öz ýanlaryna ýene basymrak geler ýaly edip goýberýärler. Sebäbi köwüş ussalary hem şeýdip, öz maşgalasyna gazanç eltmeli.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG