Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pentagonda Eýranyň howpy barada gürrüň edildi


Düýn Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Robert Geýts Pentagonyň Eýranyň ýadro programmasyndan abanýan howpa garşy durmak planyndan özüniň «örän kanagatlanýandygyny» aýtdy.

Bu barada Robert Geýts düýn Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak bilen Pentagonda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda belledi.

Ehud Barak öz gezeginde Birleşen Ştatlaryň Eýranyň ýadro programmasyny agyzdyryklatmakda diplomatiýa we sanksiýalary ulanmak strategiýasyny goldaýandygyny, ýöne Ysraýylyň bu sanksiýalaryň netijeli bolmagyna garaşýandygyny aýtdy.

Robert Geýts Eýrany we Siriýany Liwanyň Hizbulla söweşjeň toparyny kämil ýaraglar bilen ýaraglandyrýanlykda aýyplap, bu ýagdaýyň hem sebitdäki durnuklylyga wehim salýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG