Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanyň we Päkistanyň liderleri gepleşik geçirdiler


Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singh bilen Pakistanyň hökümet başlygy Ýusuf Reza Gilany şu gün ençeme aýlardan soň ilkinji gezek göni gepleşik geçirdiler.

Duşuşyk Günorta-Aziýa regional hyzmatdaşlygy bileleşigi ýurtlarynyň sammitiniň çäklerinde, Butan patyşalygynyň paýtagty Thimphu şäherinde boldy.

Duşuşygyň jikme-jigi barasynda häzirlikçe maglumat berilmeýär.

2008-nji ýylda Mumbaýda bolan terror hüjüminden soň Hindistan Pakistan bilen gepleşikleri togtadypdy. Şol wakada 170 töweregi adam heläk bolupdy. Deli bu hüjümde Pakistanyň territoriýasynda ýerleşýän söweşijileri aýyplapdy.
XS
SM
MD
LG