Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Ukrainanyň premýer-ministri bilen duşuşdy


Şu gün Soçide geçen duşuşykda Orsýetiň premier-ministri Wladimir Putin “Gazprom” hem “Naftogaz Ukraina” kompaniýalaryny birikdirmegi Ukrainanyň premier-ministri Nikolaý Azarowa teklip etdi.

Şeýle hem Putin Ukraina satylýan gazyň ýurtdan çykarylmagy üçin öň girizilen gümrük töleglerini ýatyrýan karara gol çekendigini mälim etdi.

Bu duşuşukda Wladimir Putin Orsýetiň “Wneştorgbankynyň” Ukraina ýarym milliard dollara barabar serişdeleri amatly şertlerde karz bermäge taýýardygyny hem aýdty.

Mundan başga-da, gepleşiklerde atom, transport, goranmak hem energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlyklar meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
XS
SM
MD
LG