Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan hijaba garşy göreşýär


Täjik häkimiýetleriniň hijabyň geýilmegine garşy görýän çäreleri netije bermekden-ä geçen, gaýta ilata ýaramaz täsir edýäne meňzeýar. Soňky wagtlar bu ýurtda hijap geýýän aýallaryň sanynyň artmagy bilen bir hatarada, Duşenbäniň köçelerinde bürenjekden hem has konserwatiw nikap geýýän zenanlary köp görmek bolýar.


18 ýaşly Fatimanyň nikap geýip başlanyna bir ýyldan hem gowrak wagt geçipdir. Üstüni başdan-aýak ýapyp, diňe gözlerini açyk galdyrýan ýaş gyz yslam dinini öwrenip, nikap geýmek kararyna gelendigini Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

“Köçede adamlar maňa seredýärler, kämahal maňa “Nindzýa” diýýänler hem tapylýar. Emma bu zatlar maňa täsir etmeýär. Gaýta meniň dini ynanjymy berkidýär”diýip täjigistanly Fatima belleýär.

“Häkimiýetler çylşyrymly ýagdaýa düşdüler”

Soňky bir ýylyň dowamynda Täjigistanyň paýtagtynda ýigrimi ýaşap-ýaşamadyk nikaply ýaş täjik gyzlaryna ýygy-ýygydan duşmak bolýar. 2007-nji ýylda hijabyň geýilmegine bölekleýin gadagançylyk girizilse-de, ol netije bermedi. Ýogsa, häzir döwlet edaralarynda, käbir jemgyýetçilik guramalarynda we dükanlarda işleýän täjik zenanlaryna hatda ýaglyk daňynmak hem gadagan edilen.

Hijabyň daşary ýurtlardan getirilen geýimdigi aýdylyp, bu egin-eşige gadagançylyk girizilende, ony ýerine ýetirmedik gyzlar täjik mekdeplerinden we uniwersitetlerinden kowuldylar.

Täjigistanyň Hojent şäherinde orta mekdebiň mugallymy bolup işleýän Suraýo Nabiýewa täjik häkimiýetleriniň has çylşyrymly ýagdaýa düşendiklerini aýdýar. Ol “Biz hijaby aşa konserwatiw diýip hasaplaýardyk. Indi nikap çykansoň, hijap aram egin-eşik ýaly bolup görünýär” diýýär.

Täjigistanyň ilatynyň köpüsi nikabyň arap medeniýetinden gelendigini aýdýarlar. Dindarlar Merkezi Aziýada sünni musulmançylygynyň hanapy mezhebine eýerilýändigini we yslamyň bu ýolunyň-da aýallaryň öz ýüzlerini ýapmagyny talap etmeýändigini tassyklaýarlar.

Fatima atly ýaş gyz nikap geýip başlaly bäri dürli kemsitmelere sezewar edilýandigini, köçede özüni wahhaby diýip atlandyrýanlaryň az däldigini aýdýar. Wahhaby diýip bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynda aşa dinçi adamlary atlandyrýarlar.

“Kanuna çapraz gelýär...”

Aýallaryň hak-hukuklary hem maşgala baradaky meseleleri bilen iş salyşýan täjigistanly ýurist Bagtyýor Nasrulloýew hijabyň gadagan edilmeginiň kanunçylyk aspektleri barada şeýle diýýär: “Bu gadagançylyk Täjigistanyň konstitusiýasynyň iki maddasyny bozýar. Birinjiden, konstitusiýa boýunça her täjik raýaty öz saýlan dinine ynanmaga hakly. Ikinjiden bolsa, her täjik raýatynyň bilim almaga hak-hukugy bar. Hijap geýýän gyzlary okuwdan çetleşdirmek täjik kanunlaryna çapraz gelýär”.

Üç ýyl mundan ozal Täjigistanyň Bilim ministrligi mekdeplere hem ýokary okuw jaýlaryna hijaby gadagan edip başlanda, käbir bilermenler bu çärelere garşylyk döräp, onuň ters netije berip biljekdigini öňünden duýdurypdylar.

Ýurist Nasrulloýew nikaply aýallaryň sanynyň artmagyny hijaba girizilen gadagançylyk bilen bagly diýip hasaplamaýandygyny, emma gadagançylyk ideýasynyň örän ýerliksiz teklipdigini aýdýar.

Hijaba girizilen gadagançylykdan bäri geçen üç ýylyň içinde uniwersitetlere giren käbir täjik gyzlary hijap geýmegini bes etdiler. Emma öz dini ynançlary sebäpli hijap geýmekden dänmedikleriň bolsa onlarçasy mekdeplerden we ýokary okuw jaýlaryndan kowuldylar.

Bu ýagdaý hukuk goraýjy aktiwistleriň hem dindarlaryň arasynda nägileligiň döremegine getirdi. Emma şeýle-de bolsa, 26-njy aprelde Täjigistanyň Döwlet uniwersittiniň 4-nji kurs studenti Ganjina Şarifowa hem hijap meselesi bilen bagly okuwdan çykaryldy.

“Men uniwersitetiň binasynda hijabymy geýmän, gadagançylygy berjaý edip geldim. Men uniwersitetden çykan halatymda hijabymy geýýärdim. Ýöne men umumy ýaşaýyş jaýyna barýarkam, biziň dekanymyz hijap geýenimi gördi. Şondan soňam meni okuwdan çykardylar” diýip, hijap üçin uniwersitetiň 4-nji kursundan çykarylan Ganjina Şarifowa aýtdy.

Tarapdarlar we garşylar

Häzirlikçe nikaby esasan paýtagtyň ýaşaýjylary geýýärler. Emma Hojent şaheriniň orta mekdebinde mugallym bolup işleýän Nabiýewa bu eşigiň öz ýaşaýan şäherine hem ýakyn wagtda ýetjekdigine ynanýandygyny aýdýar.

“Men nikaby halamaýaryn, meniň maşgalamda we joralarymyň arasynda nikap geýýän ýok. Ýöne nikap biziň gündelik durmuşymyza ornaşyp barýar, ony hiç kime togtatmak başartmajaga meňzeýar” diýip, Nabiýewa aladaly belledi.

Bu mesele bilen bagly dürli pikirler öňe sürülýar. Ýöne Täjigistanda yslamyň ýaşlara ýetirýän täsiriniň artýandygy göz-görtele.

Täjigistanyň obalarynda mollalar we bike mollalar, ýagny, aýal mollalar iň hormatlanýan adamlar hasaplanýarlar.

Ene-atalaryň köpüsi iň bolmanda hepdede bir gezek çagalaryny mollalara iberip, olara Gurhany, yslam dininde öňe sürülýan gymmatlyklary öwretmäge çalyşýarlar.
XS
SM
MD
LG