Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Yragyň 17 prowinsiýasynda berlen sesler Ýokary suda tabşyryldy


Ýekşenbe güni Yragyň Merkezi saýlaw komissiýasy şu ýylyň 7-nji martynda geçirilen saýlawlarda ýurduň 17 prowinsiýasynda berlen sesleriň gutrnykly netijeleriniň Ýokary sudun tassyklamagyna tabşyrylandygyny habar berdi.

Ýöne Bagdat prowinsiýasynda sesleri gaýtadan sanamaklyk henizem dowam edýär. Şol parlament saýlawlaryndan bäri iki aýdan hem gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, ýurduň syýasy partiýalary henizem täze hökümeti düzüp bilmän gelýärler.

Muňa bolsa, ses sanawlarynyň netijeleri, şeýle hem käbir kandidatlaryň deputat saýlanmaga hukuklydygy ýa däldigi bilen baglanyşykly dowam edýän dawalar sebäp bolýar.
XS
SM
MD
LG