Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti ykdysady strategiýasyny mälim etdi


Türkmen metbugatynyň sahypalarynda “Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna” diýen şygar astynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasy çap edildi.


Türkmenistanyň halkara sistemasyna aralaşmak we içerki ösüşini dowam etdirmek mümkinçiliklerini G.Berdimuhamedow ýurduň tebigy serişdelere baýlygyndan, amatly geosyýasy ýerleşişinden we syýasy bitaraplygyndan peýdalanylmagynda görýär we maksadyna ýetmek üçin bu prosese halky we her bir adamy gatnaşdyrmak ideýasyny öňe sürýär.

Şeýlelikde Türkmenistanyň prezidentiniň ykdysady strategiýasynda onuň başdan resmi derejede yglan eden “Döwlet adam üçin!” we “Täze Galkynyş eýýamy” diýen şygarlarynyň manysy düşündirilýär.

Maglumatda G.Berdimuhamedow türkmen halkynyň tebigy baýlyklardan oňaýly peýdalanmak boýunça taryhy tejribesini we zähmetsöýerliginiň ähmiýetini-de nygtaýar.

Türkmenistanyň ykdysady ösüşi üçin esasy mümkinçilikleri, adatça, ýurduň tebigy serişdeleri, ilkinji nobatda-da gaz önümçiligi we söwdasy bilen baglanyşdyrylýar.

Emma ýurduň gazdan başga-da örän girdejili tebigy serişdeleriniň bardygyny synçylar belleýärler. Türkmenistanyň hökümetiniň oba hojalygy boýunça ozalky geňeşçisi Wladimir Ýerofeýewiň sözlerine görä, hususan-da, nebit-gazdan daşgary Türkmenistan halkara bazarlarynda örän islegli kaliý duzlaryna hem dünýäde iň baý döwletleriň biri.

Ösüş ýolundaky päsgelçilikler


G.Berdimuhamedowyň beýannamasynda Türkmenistanyň ilatyň durmuşy, bilim we professional taýdan ýokary derejeli ösen döwlet bolmagynyň öňünde bar bolan kynçylyklar hem bellenilýär. Hususan-da, ýurduň medeni-professional derejesini galdyrmak problemasy agzalýar.

Wladimir Ýerofeýewiň pikirine görä, professional kadrlar problemasynyň dowam etmegine ýurduň ýapyklygy, alyş-çalyş programmalarynyň ujypsyzlygy we ösen tehnologiýalar barada maglumatlaryň elýeterliliginiň ýurtda çäkliligi esasy sebäp bolýar.

Dünýä täze ösüş modelini saýlamak, şol sanda global maliýe krizisinden çykalga tapmak ýoly bilen barýarka, Türkmenistany özi bilen deň hyzmatdaş hökmünde yglan edenligi ýurduň ykdysady strategik planynda bellenilýär.

G.Berdimuhamedowyň sözlerine görä, Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň talap edýän üç şertini, ýagny ynamdarlygy, açyklygy we howpsuzlygy kepillendirýär.

Türkmenistanyň umumy içerki önümçiliginde soňky üç ýylyň dowamynda 109% ösüş bolup, onuň esasy böleginiň önümçilik pudaklarynyň paýyna düşenligi beýanatda bellenilýär. Maglumatda ýurduň ykdysady ösüşiniň esasy böleginiň maýa goýumlar arkaly düzülýänligi hem bellenýär.

2008-nji ýylda ýurduň umumy içerki önümçiligine görä, maýa goýumlarynyň möçberiniň 32%-den, 2009-njy ýylda bolsa 47%-den aşanlygy aýdylyp, maýa goýumlarynyň 1/3 bölegini daşary ýurt inwestisiýalarynyň emele getirýänligi habar berilýär.

Maglumatda ýurduň maliýe-ykdysady, sosial, daşary gatnaşyklar we syýasy jemgyýetçilik taýdan güýçli depginde ösýänligi bellenilýär.

Graždan jemgyýetiniň döwlet bilen hyzmatdaşlygy

Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynda halk häkimiýetiniň berjaý edilmegi we döwlete partnýor hökmünde graždan jemgyýetiniň döremegi üçin ýurtda demokratik ädimleriň ädilýänligi aýdylýar. Emma synçylar hususy sektoryň ösüşine ýol bermezden, ykdysady ösüşi göz öňüne getirip bolmajagyny belleýärler.

Türkmen hökümetiniň öňki geňeşçisi Wladimir Ýerofeýew Türkmenistanda hususy telekeçiligi ösdürmegiň zerurlygy döwlet derejesinde agzalýan hem bolsa, iş ýüzünde soňky üç ýylyň dowamynda çäre görülmänligini belledi.

Ýerofeýewiň sözerine görä, hususy telekeçiligiň, şol sanda kiçi we orta biznesiň ýola goýulmagynyň öňünde administratiw böwetlerden daşgary, korrupsiýa-parahorluk esasy pasgelçilik bolup galýar.

Wladimir Ýerofeýew häzirki wagtda güýç ulanyjy organlaryň eden-etdiliginiň we telekeçilere basyşlarynyň öň görlüp-eşidilmedik derejä
Ykdysady prosesleriň döwlet ýolbaşçylaryna doly garaşly bolmagy ykdysady durgunlygyň dowam etmegine sebäp bolýar.
ýetenligini belledi.

Synçylar bar bolan problemalary çözmekde açyklygyň we jemgyýetçiligiň ýurtda bolup geçýän ähli proseslere gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtaýarlar.

Moskwanyň Ýokary ykdysady döwlet mekdebiniň informasiýa, ykdysadyýet we syýasat boýunça fakultetiniň ýolbaşçylaryndan Andreý Suzdaltsew Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň öňündäki päsgelçilikler barada aýdyp, döwlet tarapyndan dolandyrylýan ykdysadyýetlerde bolşy ýaly, Türkmenistanda dolanyşykdaky maliýe serişdeleriniň we daşardan gelýän maýa goýumlarynyň elýeterliliginiň örän çäklidigini belledi we ykdysady prosesleriň döwlet ýolbaşçylaryna doly garaşly bolmagynyň ykdysady durgunlygyň dowam etmegine sebäp bolýanlygyny belledi.

Türkmenistanyň prezidentiniň ykdysady strategiýasynda ýurduň öňünde duran häzirki maksat: “Demokratik bazar reformalary: her maşgala bolçulyk – güýçli döwlet!” diýen şygar bilen kesgitlenýär.

Synçylar bolsa Türkmenistanda öňe sürülýän şygarlaryň iş ýüzünde anyk çäreler bilen berkidilmezliginiň il arasynda ýolbaşçylaryň wadalaryna ynamsyz garalmagyna getirýänligini belleýärler.
XS
SM
MD
LG