Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz ýaşlary paýtagtda hokümeti goldaýar


Gyrgyz ýaşlarynyň «Aýkel» atly topary Bişkekde geçiş hökümetiniň goldawyna ýygnanyşyk we ýöriş geçirdi.

Bu ýörişe gatnaşan ýaşlaryň sany 500-den bir müňe çenli aralykda.

Ýaşlar Bişkegiň köçelerinde «Biz bitewi Gyrgyzystanyň tarapynda», «Demirgazygam, Günorta-da biziň Gyrgyzystanymyz», «jenaýatçylar türmede oturmaly» diýen şygarlary göterip ýöriş etdiler.

Geçiş hökümetiniň lideri Roza Otunbaewa ýaşlar bilen duşuşyp, olara goldawlary üçin sagbolsun aýtdy.
XS
SM
MD
LG