Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew Ukrainanyň regional gurama kabul ediljekdigini aýtdy


Sişenbe güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Moskwanyň täsiri güýçli bolan hem-de öňki sowet respublikalaryny öz için alýan regional gurama Ukrainanyň hem kabul ediljekdigini aýtdy.

Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna Orsýet bilen bir hatarda, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Ermenistan we Belarus girýär.

Medwedew Ukraina edýän saparynyň dowamynda eden çykyşynda “eger Ukraina geljekde bu gurama agza bolmak barada karara gelse, biz ony hoşallyk bilen kabul ederis” diýdi.

Medwedew ady agzalýan guramanyň Warşawa pakty däldigini we özleriniň NATO ýa-da şonuň ýaly beýleki harby toparlara garşy sýyasat alyp barmaga zerurlyklarynyň ýokdygyny belledi.

Fewral aýynda geçirilen saýlawlarda Wiktor Ýanokuwiç Ukrainanyň prezidenti saylanandan soň, Moskowa bilen Kiýewiň gatnaşygy barha artýar.
XS
SM
MD
LG