Sepleriň elýeterliligi

Obama Eýran sanksiýalarynyň iteklenmesiniň dowam etjegini aýdýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Türkiýäniň premýer ministri Rejep Taýyp Erdogan bilen telefonda gürleşdi.

Ak Tam Obamanyň Erdogana, Türkiýe bilen Braziliň araçylyk etmeginde Eýranyň az baýlaşdyrylan urany Türkiede ýadro ýangyjyna çalyşmak ylalaşygyna gelmegine garamazdan, Birleşen Ştatlaryň BMG-niň Eýrana garşy sanksiýalar tapgyryny girizmegine basyş etjegini aýdandygyny nygtady.

Ak Tamyň beýanatynda Obamanyň Erdogana halkara jemgyýetçiliginiň Eýranyň ýadro programmasyndan çynlakaý alada galýar, Tähranyň urany ýokary derejede baýlaşdyrmagy dowam etdirjegini yglan etmegi ynjalyk bermeýär diýendigi bellenýär.
XS
SM
MD
LG